Dini sözler

Owadan dini sözler

Her bir eden günäsi üçin puşman edýän adamy Huday söýýär we oña guly hökmünde hormat goýýar.

Hudaýyñ dostlaryny söýmek Hudaýyñ özüni söýmekdir.

Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
- Özüñi bolgusyz adam hasapla.

Mertlik ötünç sorap bilmekdir.

Akylly kişi hiç kim bilen duşmançylyk etmeýän kişidir.

Aslynda süýji bolan iñ ajy zat gahar gazabyñy ýuwutmakdyr.

Ýagşy adamlaryñ sözi ýalñyş bolsa hem dogry dek kabul edilebilýär. Ýaman adamlaryñ sözi dogry bolsada ýalñyş bolup görünýär.

Dünýäde iñ şirin zat perzentdir.

Dünýäde iñ ajy we gamgyn edýän zat karzdyr.

Uky ýeñil ölümdir.

Hemme zat özi, emma özi hiçzat näme?:
- Ol mal dünýädir

Dowzah odundan hem beter köýdürýän zat gazapdyr.

El bilen bejerip bolmaýan näsaglyk yşkdyr.

Dost, agyr günde ýardym beren kişidir.

Ylym öwren, kimiñ ylmy bolmasa hormaty bolmaýar.

Kimiñ häsýeti ýumşak bolmasa ylymdan peýda tapmaz.

Kanagat etseñ hemme zatdan azat bolarsyñ.

Söze ussatlyk, diýjek zadyñ manysyny bozman, gysga sözlemekdir.

Öz syryny saklamakdan ejiz gelen kişi iñ ejiz kişidir.

Öz gazagyny basyp bilen kişi iñ güýçli kişidir.

Kimde kim duşmanyny özüne dost edip bilse, onda onuñ akylynyñ ýetikdigidir.

Kim owadan zat ýada gymmatbaha lybas bilen abraý taparyn diýse, ol haksyzdyr, tejribe boýunça zadyñ zatdan üstünligi, lybasyñ lybasdan artyklygy bar, ýöne adam adamdan artyk däl.

Artykmaç nesihat töhmet bilen deñ.

Bu dünýädäki ýagşy işler ol dünýäni satyn almak üçindir.

Kanagatly kişi eger garyp we ýalañaç bolsada baýdyr.

Açgöz kişi eger baý bolsada garypdyr.

Mylaýymlyk bilen gazap odyny söndürip bilen adam hakyky öwgi we alkyşa mynasypdyr.

Üç zat üç zat bilen bile bolmaýar: açgözlik bilen halallyk, gazap bilen mähribanlyk, ýalançylyk bilen dogruçyllyk.

Gaty süýji bolmagyn, ýuwdup goýbermesinler, gaty ajy bolmagyn, tüýkürip göýbermesinler.

Iki dosdyñ arasyna duşmançylyk taşlama, olar azajyk zat bilen ýaraşyp gider, sen bolsa ýaman ada eýe bolup galarsyñ.

Elbetde, amallar niýetler bilen baglydyr.

Ylym öwrenmekligi sallançakdan gabyra çenli özüñize gerekli tutuñ.

Kanagat tükeniksiz hazynadyr.

Säher wagty uklamaklyk rysgyñy kemelder.

Adamlaryñ iñ haýyrlysy adamlara peýda etýän adamdyr.

Jennet eneñiziñ aýagynyñ aşagyndadyr.

Eneñizi razy etmek Jennete girmeklige sebäpdir.

Belañ gelmekligi gep bilendir.

Başa bela dilden geler.

Goñşysy aç bolanda musulman adam dok ýatyp bilmez.

Hakykaty aýt, eger her näçe ajy bolsada.

Ýagşy işi goldaýan adam ýagşy işi eden ýalydyr.

Eger siziñ biriñiz Allatagala bilen gürleşesiñiz gelse Gurhan okañ.

Allatagalanyñ ýanynda dogry söz ýaly ýagşy sadaka hiç ýokdyr.

Musulman musulmanyñ doganydyr.

Şugulçy ( gep gezdirýän ) hergiz Jennete girmez.

Zyýan bermek we zyýan edene hem zyýan ýetirmek yslamda ýokdyr.

Allatagalanyñ gyrnaklaryny urmañ ! Ýagny aýal - gyzlaryny.

Akyl - Allatagala tarapyndan berlen sowgatdyr.

Hakyky din alymy Allatagalanyñ ýerdäki soltanydyr.

Syr saklamaýan ýürekde haýyr ýokdyr.

Adama ýagşy at, eden haýyrly işlerinden galar. Perzentleri sebäpli galmaz.

Nämährem hatynlara ýakynlyk etmek maksady bilen seretmek şeýtanyñ zäherlenen oklaryndan bir zäherli okdur.

Gybat zynadan hem ýamandyr. Çünki zyna eden çyn toba etse ýalkanar. Emma gybatkeşiñ tobasy kabul edilmez, tä gybaty edileni razy edýänçä.

Bir adam bir musulmany toba eden günäsi bilen utandyrsa, Allatagala şonuñ özüni şol günä işe sezewar eder.

Bir adam bir musulmanyñ aýbyny görse, şony ile paş etmän gizlese, misli diriligine gömülen gyzlary direlden ýalydyr.

Murtlaryñyzy gysgaldyñ we sakallaryñyzy uzaldyñ. Sypatyñyzy otparazlara meñzetmäñ. 

Syrkaw soramana barýan adam Jennetiñ ýolundaky kişi hasap ediler, tä yzyna dolanýança.

Sadaka bermek sebäpli mal kemelmez.

Ökünmeklik tobadyr.

Elbetde Allatagala siziñ daşky sypatlaryñyza we mal - mülkleriñize seretmez, ýürekleriñize we eden amallaryñyza nazar eder.

Bir nädogry işi dogrylamak üçin pul beren hem, alan hem dowzahydyr.

Haýsy bir aýal öli üçin, ahy pygan edip sesli aglasa, şol bihaýalykdan toba etmän ölse, Allatagala oña Kyýamatda otdan köýnek geýdirer hem - de adamlaryñ içinde şermende kylmak üçin dik duruzyp goýar.

Öli üçin belent sesi bilen aglaýan we eşidip oturan hatynlara Muhammet pygamber lagnat edipdir.

Eý aýallar, şeýtanyñ owazyndan gaçyñ, öli üçin sesli aglamak şeýtanyñ owazydyr. Haçan merhum üçin ýürekden gynanyp sessiz gözden ýaş çyksa, Allatagala tarapyndan rehmetdir. Ynsan tarapyndan hem mähribanlykdyr. Emma eli bilen saçlaryny ýolup, ýakalaryny ýyrtyp, dili bilen bagyryp haý - waý diýip aglasa, bu iş şeýtanyñ waswasasyndandyr. Şeýle edýänler eger toba etmeseler, ahyrýetde uly azaba duçar bolarlar.

Ölüm sebäpli saçlaryny ýolup, geýimlerini ýyrtyp uly ses bilen aglaýan ymmatlarymdan men bizardyryn.

Öli üçin belent ses bilen aglansa, şol agy sebäpli Kyýamatda şol adama azap berler.

Allatagalanyñ razylygy ata - enäñ razylygy bilendir. Hudaýyñ gazaby hem ata - enäñ gazabyna baglydyr.

Erkek doganlaryñ iñ ulusy beýlekiler üçin ata hökmündedir.

Naharyñyzy sowadybrak iýiñ, şonda siz üçin bereket bardyr.

Egerde bir bende eden günälerinden çyn toba etse, Haktagala günä ýazýan perişdelere we şol adamyñ öz agzalaryna onuñ eden günälerini unytdyrar. Hem - de günä ýerindäki şaýat boljak zatlara çenli onuñ eden günälerini unutdyrar. Ol kişi Allatagalañ huzyryna günäden päk halynda barar.

Haçan bir hassanyñ halyny soramaga barsañyz, ondan özüñiz üçin hem ýagşy dileg - dogalar etmegi haýyş ediñ, çünki, syrkawyñ dileg - dogalary perişdeleriñ dogalary ýaly, Alla dergähinde çalt kabul bolýandyr.

Eger bir adam Gurhan okasa, pygamberiñ Hadyslaryny hem ýagşy öwrense, şolary - da dogry amal etse, göýä şol kişi ähli pygamberleriñ ornundaky adamdyr.

Eger bir adamyñ başga bir adamda algysy bar bolsa, bellenen wagtlaryna çenli algysyny soramasa, şol zady sadaka eden ýaly sogaba eýe bolar. Eger gürleşen möhletinden soñ hem talap etmese, geçen her bir güni üçin sadaka sogaby berler.

Eger bir musulman bende üç gün keselläp ýatsa, eneden ýañy dogan ýaly bolup, günäden päklener.

Adamlara mylaýym bol, Allatagala hem saña mylaýymlyk eder. 

Ynsanyñ üstünde iñ haky köp adam öz enesidir.

Ýat ilde wepat bolan musulmana şehitlik mertebesi berler.

Haýsydyr bir musulman, başga bir musulmanyñ öz üstündäki algysyny geçse, Kyýamat güni Allatagala şol bendäniñ günälerini bagyşlar.

Ýagşy niýet eýesini Jennete girizer.

Hemme ýalan sözleri perişdeler adamlaryñ depderine ýazarlar. Emma bir adam ýalan söz bilen bir musulmana peýda etse, ýa - da bir musulmana geljek zyýany gaýtarsa, ol wagt ýalan sözler ol kişiniñ depderine ýazylmaz.

Dert - kesel Allatagalanyñ ýer ýüzünde goýan gamçysydyr. Dogry ýoldan azaşan bendelere, Allatagala şol gamçy bilen edep berýändir.

Ynsana tirkeşýän dostlarynyñ gylyk - häsiýetleri täsir eder.
Şonuñ üçin, tirkeşýän dostlaryñy tanap tirkeş!

Haýsy bir adam ata - enesiniñ ýüzüne mähribanlyk bilen nazar salsa, Allatagala ol adama kabul bolan hajyñ sogabyny berer. 

Kyýamat gününde iki tarap ýagny Jennete we Jähenneme girýänler jem bolup durar. Şonda perişdeler ölümi bir goç şekilinde  tutup getirerler we Jennet we Jähennemiñ arasynda şol goçy soýarlar. Ölümi öldürerler. Şondan soñ ölüm bolmaz Jennete girýänlerem Jähenneme girýänlerem düşen ýerlerinde baky galarlar.

Kyýamat gününde dowzaha düşen adamlar azaba çydaman " bizi öldüriñ " diýip gygyrarlar. Ýöne ölüm bolmaz, ölüm öldürler.

Bir adam beýleki bir adama, sen günä edýän ýada kapyr diýen ýaly sözler bilen sögmesin. Eger şol ýaramaz sypatlar ol kişide bolmasa, şol aýdylan sözler, ol sözi aýdan adamynyñ özüne gaýdarda, onuñ özi günä edýän ýa - da kapyr bolarda galar.

Ylym öwrenýän talyp okap ýören wagty dünýäden ötse, oña şehitlik derejesi berler.

Wada kylmak - karzdyr. Karzy bermek parzdyr.

Zalymlar üçin ýaşasyn jähennem.

Alla bilen arasyny düzelteniñ, adamlar bilen arasyny Alla düzelter.

Allanyñ bardygna garşy bolýanlar, bir tarapdan Allanyñ bardygny sut etýäler. Sebäbi bolmaýan zada garşylyk görkezilmez.

Puluñ bilen abraý gazanma, abraýyñ bilen pul gazan goý pulyñ dynsada abraýyñ galsyn.

Allany tapan nämäni ýitirer, Allany tapmadyk nämäni gazanar. Allany tapan hemme zady tapar, Allany tapmadyk hiç zat tapmaz. Tapsada başyna bela tapar.

Bir ynsanyñ hakyky baýlygy bu dünýäde eden ýagşy işleridir.

Eý Rabbimiz ! Köp ýüzleriñ agaryp, köp ýüzleriñ gararjagy günde, bizi ýüzleri ak, kalbymyz päk bolan ynsanlardan eýle...

Owadan gören owadan pikir eder, owadan pikir eden durmuşdan lezzet alar.

Egri ok, dogry ýol almaz.

Hiç kim, başga biriniñ guly däldir.

Her kalbyñ herekedi öz ajalynyñ aýak sesidir. 

Her gijäniñ bir gündizi bardyr.

Alla dinini düzelten kişiniñ dünýäsini düzelter.

Bela ynsanyñ diline baglydyr. Biri bir zat "Etmerin" diýdimi şeýtan hemme işini taşlap şony etdirýänça hereket eder. 

Yorumlar

Bu blogdaki popüler yayınlar

Her ýerden bir tema